Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

   Kitaphana synynda çykyş edenler ”Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen A. Agajanowyň “Materiallary işläp bermegiň häzirki zaman usullary”, J. Annyýewiň “Konstruksion materiallar we tehnologik enjamlar”,

    W, Çopanowyň “Gazturbina desgalarynyň synagdan geçirilişi” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplar tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem maşyngurluşyk kärhanalarynyň inžener-tehniki işgärleri üçin niýetlenendigini mälim etdiler.

  Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy