Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

    Kitaphana synynda çykyş edenler Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan “Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmalary – döwrebap ösüşiň açary” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitaba ýerleşdirilen ylmy makalalarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň terbiýesindäki pedagogik gymmaty, türkmen halkynyň taryhyny we baý pedagogik mirasyny öwrenmegiň ylmy esaslary, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmagyň ylmy-amaly çözgütleri, mekdebe çenli hem-de başlangyç bilimde gazanylan milli tejribeler baradaky ylmy seljermeler beýan edilýändigini mälim etdiler. Şeýle-de I. Batyrowyň “C programmalaşdyrma dili”, B.Atajanowyň “Programmirlemegiň dilleri we usullary”, atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar.

    Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy