Kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

 Kitaphana synynda çykyş edenler Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde geçirilen “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň döredijiligine” bagyşlanan ylmy maslahatynda Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Molla Panah Wagifiň azerbaýjan dilinde neşir edilen goşgulary, gazallary, muhammesleri girizilen “Əsərləri“ atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de azerbaýjan dilinde neşir edilen “Görkəmli türkmən şairi Məhtimqulu Fəraginin yaradiciligi Azərbaycan ədəbiyyatşünasliginda” makalalar ýygyndysy, M. Alyýewiň “Məhtimqulu Fəragi şeirinin poetikasi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar.

 Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek,  halkymyzyň sungatyny dostlukly ýurtlarda tanyşdyrmak üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy