Kitaphana täze gelip gowşan neşirlerden kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan neşirlerden kitaphana syny geçirildi.

     Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen A. Kadyrowanyň “Şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy”, N. Ýagşymyradowyň “Reňk ylymlary we koloristika”, J. Rejepowyň “Yşyklandyryş tehnikasy” atly kitaplary bilen tanyş etdiler. Şeýle-de B. Berdiýewiň “Hory öwreniş” atly ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin okuw gollanmasy kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Bu okuw gollanmasynda hor sungatynyň döreýşi we ösüş taryhy beýan edilip, dünýä belli daşary ýurt we türkmen kompozitorlarynyň meşhur saz eserleri barada berilýändigini beýan etdiler.

      Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitaphana täze gelip …

Metbugat gullugy