“Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak”ady bilen geçirilen usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlaryň ýazgysy

Image description

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,”Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak”ady bilen geçirilen  usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň  çykyşlary ýazgy edildi.

    Gepleşikde çykyş edenler: Şu günki geçen kitaphanan işgärleriniň maslahatynyň özlerinde galan täsirleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Kitaphana ulgamyny  ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan” gelip çykýan netijeleri öz işlerine ornaşdyrmakda öňde durýan döwrebap işler hakynda söhbet etdiler. Kitaphanalarda ylmy we usulyýet çärelerini ýolla goýmak biziň işimiziň özeni bolup durýar.

     Olar öz söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden  arzuw etdiler!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini …

Metbugat gullugy