“Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki  edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň iň ezizlän gymmatlyklarynyň biri kitapdyr, sebäbi ol dünýädäki iň uly, iň ähmiýetli hazynany – söz baýlygyny özünde jemleýär. Geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň habaryny, geljegiň maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bolýar diýip, öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

    Kitap ynsanyň kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar. Adam köp okamak bilen durmuşyň manysyna, özüniň we töweregindäkileriň ruhy dünýäsine düşünýär. Zehiniňi ýüze çykarmak üçin kitaby köp okamaly. Çeper ahlaky aňyýetli, ylymly, paýhasly, giň düşünjeli, täze garaýyşly nesliň kemala gelmeginde kitaphana ulgamy wajyp ähmiýete eýedir. Her bir kitap açylmadyk dünýädir, ajaýyp bir gymmatlykdyr.

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde geçirilen “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” atly söhbetdeşlik oňa gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle  bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaplar – bilimiň …

Metbugat gullugy