“Kitaplar – terbiýäniň gözbaşy”

Image description

“Kitaplar – terbiýäniň gözbaşy”

        Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 45-nji çagalar bakja - bagynda “Kitaplar – terbiýäniň gözbaşy” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen  ertekilerden çeper okaýyş  geçirdiler we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere uly üns berilýär. Bu günki gün olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklyk üçin, watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaplar – terbiýäniň …

Metbugat gullugy