”Magtymguly - dünýäniň akyldary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Magtymguly - dünýäniň akyldary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

  Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilip geçirilýänligi,eziz diýarymyzda medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa we hormat goýulýanlygy hakynda giňden belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmekde, ony dünýä derejesine çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Medeniýetiň gözbaşynda däp-dessurlarymyz, aýdym-saz sungatymyz, birek-birek bilen özara gatnaşyk, ýaşaýyş durmuşyň köp taraplary, halkymyzyň ahlak sypatlary durýar.

  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaby türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky pähim – paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada maglumatlar berilýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýeti geçmişiň ýaňy, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan geçirilen ”Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly söhbetdeşlik gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle  bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Magtymguly - dünýäniň …

Metbugat gullugy