“Magtymguly Pyragy – edep terbiýe mekdebi” atly göçme kitap sergisi.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň

Neşirleri toplaýyş bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Magtymguly Pyragy – edep terbiýe mekdebi” atly göçme kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň bagtyýrlyk döwründe çagalara adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň  altyn hazynasyna ägrit uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň pendi nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidigini beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda Pyragynyň edebi älemi çeper diliň, filosofik oý-garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýandygyny uly  buýsanç bilen nygtadylar.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler  halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çesmesi bolup hyzmat etjekdigini, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň  ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alyşyldy.

Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Magtymguly Pyragy – …

Metbugat gullugy