Magtymguly Pyragy –köňülleriň çyragy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda             ”Magtymguly Pyragy –köňülleriň çyragy”  ady bilen  söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenman, eýsem umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwürlip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.     Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Magtymguly Pyragy –köňülleriň …

Metbugat gullugy