Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Magtymguly Pyragy – terbiýäniň beýik mekdebi”- atly kitap sergisi gurnaldy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen Paýhasynyň synmaz sütüni” atly ajaýyp kitapda: – Magtymguly türkmen edebiýatynyň, türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Muny Alym Arkadagymyzyň: “Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýen pähim-paýhasa ýugurlan sözleri-de tassyklaýar– diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Şeýle ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmäge we ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şol mynasybetli hem Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “Magtymguly Pyragy – terbiýäniň beýik mekdebi ” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary giňden sergilendi. Bu serginiň esasy maksady hem ýurdumyzda seýrek gabat gelýän neşirler bilen okyjylarymyzy giňden tanyşdyryp durmakdan ybarat bolup durýar. Mundan başga-da sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Magtymguly Pyragy – …