“Magtymguly Pyragy–köňülleriň çyragy” atly kitap sergisi gurnaldy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Magtymguly Pyragy –köňülleriň çyragy” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary giňden sergilendi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynda şeýle diýýär: “Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgüni sygdyryp bilen akyldardyr” diýip belläp geçýär.
Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Magtymguly Pyragy–köňülleriň çyragy” …