“Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly kitap sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligine  bagyşlanan kitaplar öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berýär. Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň.

 Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň diýip belläp geçýär. 

  Şol mynasybetli hem Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary giňden sergilendi. Bu serginiň esasy maksady hem ýurdumyzda seýrek gabat gelýän neşirler bilen okyjylarymyzy giňden tanyşdyryp durmakdan ybarat bolup durýar. Mundan başga-da sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Magtymguly Pyragynyň edebi …

Metbugat gullugy