Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak we Kitap saklamak bölümi bilen bilelikde, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Mähribanlyk, parahatlyk nury sen, Garaşsyz Watanym Türkmenistanym” atly kitap sergisi gurnaldy . Sergimize kitaphana gelýän okyjylar gatnaşdy. Sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olara kitabyň taryhyny, gymmatlylygyny, sergide täze goýulan kitaplar barada gürrüň berildi. Mundan başga-da okyjylara kitaphana gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Şeýlede okyjylar arasynda sorag-jogap alyşyldy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Mähribanlyk, parahatlyk nury …