Maksatly menzilleriň waspy

Image description

Maksatly menzilleriň waspy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde ýurdumyzda geçirilen şanly seneler we taryhy wakalar hakynda kitaphanaçylar bilen ýazgy edildi. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününiň taryhy wakalar, şanly seneler, toý-baýramlar bilen utgaşýandygy, şeýle taryhy wakalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisini bellemek bolýandygyny nygtadylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz watanymyza bolan buýsanjy, söýgüni artdyryp, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrýandygyny bellediler. Mundan başga-da ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň, ajaýyp ýeňişleriň, ýetilen beýik sepgitleriň aýdyň subutnamasy bolup,dünýä ýüzüne ýaň salýandygy hakynda söhbet etdiler.Söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Maksatly menzilleriň waspy

Metbugat gullugy