Mämmetweli Kemine hakynda söhbet.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Mämmetweli Keminäniň ömri we döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Kemine şahyryň goşgularynyň köp dürliligi , şeýle hem onuň aýdym bolan şygyrlary dogrusynda söhbet etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda edebiýat äleminiň şahsyýetleriniň edebi mekdebini, ýol-ýörelgelerini özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet kitaphanasynda ýazyjy- şahyrlarymyza bagyşlap edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaş neslimiziň edebiýat äleminiň ussatlarynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşmaklary üçin kitap sergileri gurnalýar .
Medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mämmetweli Kemine hakynda …