“Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahat

Image description

“Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahat.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamaklarynda  Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp, ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, maşgala mukaddesligini, däp-dessurlarymyzy, milletiň käbesi Ogulabat ejemiziň amaly-haşam sungatyny ýaş gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahat geçirildi. Maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin–gyzlar, kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly  eserinde milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň açylyp görkezilýändigini, şeýle hem ene-mamalarymyza goýulýan sylag-sarpa, maşgala gymmatlyklary ,eneden-gyza geçirilýän el hünäri dogrusynda çykyş etdiler. “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Maşgala mukaddesligi – …

Metbugat gullugy