“Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp geçirilen “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahatyň çäginde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik hem gurnaldy. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde gurnalan söhbetdeşlikde çykyş edenler “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyň many-mazmuny hakynda täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň milli gymmatlyklarymyzy döwrebap derejede ösdürmekde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerini dowamata atarmakda ägirt uly tagallalary edendigini zenanlarymyz buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda enelerimizi mukaddeslik saýýan, gelin-gyzlarymyzyň abraýly kärlerde zähmet çekmekleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Maşgala mukaddesligi – …