Maslahat- geňeşli türkmeniň ýoly

Image description

Maslahat- geňeşli türkmeniň ýoly.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Hyzmat ediş” bölümi “Maslahat- geňeşli türkmeniň ýoly” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegine garaşylýar. Şeýle ajaýyp toýlar mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeşmek, agzybirlik we jebislik ýaly asylly ýörelgeleriniň täze many – mazmun bilen baýlaşýandygyny belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda ýazyjy-şahyrlar özleriniň döreden ajaýyp goşgularyndan okap berdiler.Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Maslahat- geňeşli türkmeniň …

Metbugat gullugy