“Medeni gatnaşyklarymyzyň ösüşi”ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda”Türkmenistan “ teleýaýlymy bilen bilelikde “Medeni gatnaşyklarymyzyň ösüşi”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

      Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň eziz Watanmyzyň dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk,medeni,ynsanperwer gatnaşyklary, ýurdumyzda ylym-bilimiň ösüşi şeýle hem biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi barada giňişleýin  söhbet etdiler.   

    Biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ulgamy bolan kitaphana işi hem gün-günden dörebap ösdürilýär.Ýaş nesillerde kitaba bolan , okamaklyga bolan söýgüni artdyrmakda kitaphana işgärlerine hem uly borç degişlidir diýip,çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Medeni gatnaşyklarymyzyň ösüşi”ady …

Metbugat gullugy