Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi “Bagtymyzyň nury- Garaşsyz Watan” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Dabarada çykyş edenler: “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň bedew bady bilen başlanandygyny,türkmen halkymyzyň bedewi mydama özleriniň iň ýakyn syrdaşy hasaplandyklaryny nygtamak bilen türkmen bedewi barada Gahryman Arkadagymyzyň ýazan gymmatly kitaplary şeýle hem türkmen bedewleri barada döredilen atalar sözleriniň we nakyllaryň many- mazmuny barada giňişleýin söhbet etdiler. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň ajaýyp ösüşleriniň,ajaýyp ýeňişleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Öz bilşimiz ýaly, şu ýyl biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uly toýlara beslener.Bedew batly Diýarymyzyň ykdysadyýeti bilen birlikde biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işi has hem döwrebap ösdüriler. Çykyş edenler bular barada hem öz söhbetlerinde aýdyp geçdiler.Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Garaşsyzlyk ähli üstünliklerimiziň özeni “ ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeni köpçülik işler …