Medeni köpçülik işler bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen göçme kitap sergisi.

Image description

Bu göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekileriň türkmen dilinde  terjime edilen  kitaplary sergide goýuldy. Şeýle hem çagalara kitaphanalara gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Serginiň dowamynda çagalaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Soňra  bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeni köpçülik işler …

Metbugat gullugy