Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgärleri Döwlet kitaphanamyzyň gaznasyny baýlaşdyran Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen ertekiler ýygyndysynda türkmen halk ertekileri bolan “Akpamyk”, “Ejekejan”, “Ýartygulak”, “Ýüz teňňe”, “Tilkiniň mekirligi” atly ertekileriň many-mazmuny hakynda gürrüň etmek bilen ,ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alyşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeni köpçülik işleri …