Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi täze gelen edebiýatlara syn geçirdi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi talyp ýaşlar bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserine kitaphana synyny geçirdi. Çykyş edenler baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygy hakynda söhbet etdiler. Kitaphana synynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeni köpçülik işleri …