“Medeni miras – gymmatly hazyna” atly kitap sergisi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hem “Medeni miras – gymmatly hazyna ” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide bölümde bar bolan neşirler ýerleşdirildi. Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljeki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy, ylmy we medeni gymmaty bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny we ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Medeni miras – …