Medeniýet baýramy dabaralanýar

Image description

Medeniýet baýramy dabaralanýar.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda Balkan welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşyp, öz ýürek buýsançlaryny “Altyn asyr” teleýaýlymynyň üsti bilen beýan etdiler. Kitaphanaçylar Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň milli medeniýetimize bagyşlanan neşirleriniň sergisi bilen tanyş boldylar we geçirilen okuw-tejribe maslahatyna gatnaşdylar. Bu bolsa ýene bir ýola ýurdumyzyň kitaphanalarynyň okyjylara hyzmat etmekde alyp barýan  işleri bilen tanyş bolmaga we tejribe alyşmaga uly ýardam berdi. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeniýet baýramy dabaralanýar

Metbugat gullugy