Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Medeniýet Galkynyşyň ganatydyr” atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki-günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Medeniýet Galkynyşyň ganatydyr ” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu günde sergimize Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň we gaznamyza täze gelen kitaplaryň sergisinden gurnalan bu sergi talyplarda uly täsir galdyrdy.
Talyp ýaşlar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Medeniýet Galkynyşyň ganatydyr” …