“Medeniýet-Garaşsyz Döwletiň kalby”ady bilen tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Image description

“Medeniýet-Garaşsyz Döwletiň kalby”ady bilen tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Medeniýet-Garaşsyz Döwletiň kalby”atly tegelek stoluň başynda geçiriljek wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna ähli ugurlardaky şeýle hem medeniýet we sungat  ulgamynda görülýän taýýarlyk hakynda giňişleýin söhbet etdiler.                                                               

    Öz bilşimiz ýaly,Garaşsyzlyk biziň ähli bagtymyzyň gözbaşydyr.Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler bu gün asyrlara barabardyr.Eziz watanymyz Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan watanymyzyň ady bu gün giň äleme doldy.Golaýda medeniýet sungat işgärleriniň gatnaşmagynda bolup geçen mejlisde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen bizi şu ajaýyp bagtly durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Medeniýet-Garaşsyz Döwletiň kalby”ady …

Metbugat gullugy