Medeniýet - halkyň kalbydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybetli döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny, milli mirasymyzy wasp edip ýazan gymmatly eserlerinden şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan ajaýyp eserlerinden söhbetdeşlik ýazgy edildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinde medeniýet hem-de milli miras düşünjesi mukaddeslik hökmünde taryp edilýär. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ”Medeniýet halkyň kalbydyr”,”Türkmen medeniýeti”, “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” “Ile döwlet geler bolsa...” atly eserleri medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine, ruhy gymmatlyklarymyza, taryhymyza, milli mirasymyza bagyşlanan gymmatly çeşmedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda,dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär.Şular dogrusynda döredijilik işgärleri giňişleýin çykyş etdiler. Söhbetleriniň soňunda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeniýet - halkyň …