Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar özleriniň eserlerinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada ýazan ýatlamalary barada giňişleýin söhbet etdiler. Şahyrlar bolsa Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada ýazan goşgularyny okadylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu günki duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşan myhmanlar, kitaphana işgärleri we okyjylar kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan kitap sergisi bilen giňişleýin tanyş boldular.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda …