“Medeniýet - ynsan köňlüniň nury”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýeti, türkmen sungaty gülleýär, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda bilim ojagy bolan kitaphanalarda hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Medeniýet - ynsan köňlüniň nury” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda geçirilýän şanly seneler, medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasyny türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Medeniýet - ynsan …