“Mekdep – milli terbiýäniň daýanjy” ady bilen söhbetdeşlik gurnadylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary we toplamak bölümleri “Beýik Serdar nesilleri” 75-nji orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp “Mekdep – milli terbiýäniň daýanjy” ady bilen söhbetdeşlik gurnadylar.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty, Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Bu söhbetdeşlik “Türkmenistan Sport” teleýaýlymyna ýazgy edildi.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Mekdep – milli …