“Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”- atly kitabyna kitaphana syny

Image description

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Mert  ýigitler gaýrat üçin dogulýar”- atly kitabyna kitaphana syny  geçirildi.                                               

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän  2025- nji ýyly “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň  Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäheriniiň  daşary ýurt dillerini ýörüteleşdirlen 131–nji orta mekdepde  Gahtyman Arkadagymyzyň  “Mert  ýigitler gaýrat üçin dogulýar”- atly kitabyna  kitaphana syny  geçirildi.  Kitaphana synymyz Beýik ýeňişiň 80 ýyllygynga bagyşlanyp geçirildi. Synymyza mekdebiň ýokary synyp okuwçylary gatnaşdy we olarda uly täsir galdyrdy.                                              

Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Mert ýigitler gaýrat …

Metbugat gullugy