Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni mynasybetli söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärler bilen “Altyn asyr” teleýaýlymy tarapyndan Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni mynasybetli söhbetdeşlik ýazgy edildi. Çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan -bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mähriban halkymyzyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde Milli bahar baýramy- Halkara Nowruz gününiň ýokary ruhubelentlik bilen garşylap, şatlyk-şowhun bilen bellenýändigi hakynda gürrüň etdiler. BMG-nyň ÝUNESKO guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu mukaddes baýram dost-doganlygy berkitmekde, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir diýip täsirli söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Milli bahar baýramy-Halkara …