“Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Esasy kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitutsiýasyň döredilen güni bilen milli buýsanjymyzyň belent nyşany bolan Döwlet Baýdagynyň gününi baýram edip giňden bellenilýän günlerinde biziň Döwlet kitaphanamyzda hem “Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen topragynyň erkanalygyň mekanydygy, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzda halkymyzyň ata-baba ýol-ýörelge edinip gelen agzybirlik, jebislik, goňşy-golamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolmak isleg-arzuwlary jemlenendigi we şol asyrlyk arzuwlaryň bu günki günde hasyl bolandygy barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler.                                  

Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan, döwletimizi ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlikleri arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli buýsanjymyz - …

Metbugat gullugy