“Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň - nusgalyk eserleri dünýä dillerinde” atly kitap sergi

Image description

“Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň - nusgalyk eserleri dünýä dillerinde” atly kitap sergi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň - nusgalyk eserleri dünýä dillerinde” atly kitap sergisi gurnaldy.

        Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik mirasy milli ruhy gymmatlyklary, taryhy hakykaty we döwletlilik pelsepesini özünde jemleýän gymmatly çeşme bolup durýar. Onuň nusgalyk eserleri diňe bir türkmen jemgyýetiniň ösüşine hyzmat etmän, eýsem halkara jemgyýeti üçin hem möhüm ylmy-medeni ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem bu eserleriň dünýä dillerine terjime edilmegi olaryň halkara derejesine giňden ýaýramagyna we öwrenilmegine  uly mümkinçilikleri açýar.

      Häzirki wagtda ylmy, bilimi ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli Liderimiz Gahryman …

Metbugat gullugy