Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli “Milli medeniýetim – milli sungatym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler: Toýlary –toýlara ulaşýan eziz Watanmyzda şu günler medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli dürli dabaralar yzagiderli geçirilýär.Öz bilişimiz ýaly, biziň baý milli medeniýetimiz we sungatymyz bar. Biziň pederlermizden, ata-babalarmyzdan geçip gelen bagşyçylyk sungaty,dünýä belli bolan türkmen halkymyzyň dutar-gyjagy şeýle hem biziň baý mazmunly aýdym-saz sungatymyz bu gün dünä dolýanlygy hakynda nygtadylar.
Olar sözleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli medeniýetim – …