”Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady”

Image description

”Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady”

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ”Milli miras- bedew batly ösüşleriň binýady” atly hepdelik göçme kitap sergisini gurnady hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ýaş nesiller- Watanymyzyň daýanjy” ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dürli dillerde neşir edilen ajaýyp eserleri, ýazyjy- şahyrlaryň neşir önümleri ýerleşdirildi. Sergidäki kitaplar talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki bu gymmatly kitaplarda, baý taryhymyza, milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir.Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynda okap, bilimlerini artdyrmaklary üçin giň ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri mundan buýana hem rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Milli miras-bedew batly …

Metbugat gullugy