”Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda ”Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady” atly göçme kitap sergisini gurnady. Gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dürli dillerde neşir edilen ajaýyp eserleri, ýazyjy-şahyrlaryň neşir önümleri, şeýle-de bölüme täze gelen edebiýatlardan ýerleşdirildi. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde, taryhynda we medeniýetinde türkmen ahalteke bedewiniň tutýan orny iňňän uludyr. Müňýyllyklaryň dowamynda milli buýsanjyň, şöhratyň we ruhuň diri nyşanydyr. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bolsa bu miras baradaky buýsanjyň täze bir belentlige galdyrylandygynyň nyşanydyr. Sergide ýerleşdirilen kitaplar talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki bu gymmatly kitaplarda, baý taryhymyza, milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir. Göçme kitap sergisiniň çäginde “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ahalteke bedewleri–müňýyllyklaryň mirasy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynda okap, bilimlerini artdyrmaklary üçin giň ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri mundan buýana hem rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Milli miras-bedew batly …