“Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde “Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady” atly göçme kitap sergisini gurnadylar.

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylynda Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýlede birnäçe eserleri ýerleşdirildi. Kitap sergisiniň çäklerinde kitaphana işgärleri "Altyn asyr" teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde   talyplar bilen sorag-jogap alşyp söhbetdeşlik etdiler. Göçme kitap sergisine gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli miras - …

Metbugat gullugy