“Milli miras ebedidir” atly kitap sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Milli miras ebedidir” atly  kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany”  diýip atlandyrylýan ýylymyzda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasymyzy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  bölümiň okalga zalynda “Milli miras ebedidir” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda  Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň,we täze gelen neşirler ýerleşdirildi. Bu sergi talyplarda uly täsir galdyrdy. Milli  mirasy öwrenmek we olary  düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredildi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli miras ebedidir” …

Metbugat gullugy