Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynda “Milli miras ösüşleriň binýady” atly göçme sergi gurady
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynda “Milli miras ösüşleriň binýady” atly göçme sergi gurady. Maý aýynyň 25-i 30-y aralygynda guralan “Milli miras ösüşleriň binýady” atly bu göçme sergi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy. Köpöwüşgünli fotosuratly gollanmalar we kitaplar talyplarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsany täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli miras ösüşleriň …