“Milli mirasymyz bedew batly at-myradyň mekany” atly tegelek stoluň başyndaky wagyz-nesihat çäresi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde “Milli mirasymyz bedew batly at-myradyň mekany” atly tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi gurnaldy. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen çärede çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýylyň täze şygar bilen atlandyrmagyň asylly däbe öwrülendigi, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygy hakynda täsirli çykyş etdiler we Watanymyzy wasp edýän şygyrlardan okap berdiler. Wagyz nesihat çäresiniň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli mirasymyz bedew …