“Milli mirasymyz we şaý-seplerimiz” hakynda söhbetdeşlik gurnaldy.
"Bagt köşgi" toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen "Miras" teleýaýlymy bilelikde “Milli mirasymyz we şaý-seplerimiz” hakynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Söhbetdeşlikde milli mirasymyzyň jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidigi, gadymy medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlygymyzyň asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, edim-gylymynyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň bardygyny we häzirki ýaşlara ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de milliligimiz bolan şaý-sepleriň aýratynlyklary, olar baradaky gyzykly rowaýatlardyr, goşgulardan okap berdiler.
Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge,olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli mirasymyz we …