“Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy. ”- atly kitap sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy. ”- atly kitap sergi gurnaldy.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda  Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy.”- atly kitap sergisi gurnaldy.  Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligine  bagyşlanan kitaplary öz beýany tapýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Magtymguly –dünýäniň akyldary”-atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berýär.

 Magtymguly bir ummandyr, düýbüne  çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň.

 Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň diýip belläp geçýär.

   Mundan başga-da sergimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Milli mirasymyzda Magtymguly …

Metbugat gullugy