“Miras” telelýaýlymy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan kitaphana işgärleriniň gutlaglary ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” telelýaýlymy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan kitaphana işgärleriniň gutlaglary ýazgy edildi.

Çykyş edenler  hemişelik şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp şu günler ähli ýerlerde geçirilýän baýramçylyk dabaralary, döredijilik we duşuşyk agşamlary barada söhbet etmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  alyp barýan hoşniýetli, ynsanperwer syýasatynyň dünýä dolýandygy barada buýsançly sözler bilen öz çykyşlaryny soňladylar. Olar öz gutlaglarynyň ahyrynda bolsa ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy,Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Miras” telelýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy