Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Halk Maslahaty-döwletliligiň belent nusgasy” ady söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan, asuda , parahat,eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýola goýlan asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti öran uludyr.Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksady we wezipesi Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetimizde halkymyzyň tekliplerini diňläp, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda netijeli işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar diýip, giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Miras” teleýaýlymy bilen …