”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaphana-bilimler ojagy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi

Image description

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaphana-bilimler ojagy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde  ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Medeniýet ulgamynyň bir şahasy hasaplanýan ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitaphana işine-de  uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Ol eserler bu gün  ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp durýar diýip uly buýsanç bilen nygtadylar.

     Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler  milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde  bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Miras” teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy