Söhbetdeşlikde çykyş edenler pasly baharda dünýä inip, ömürlere bahar ýaly ýakym berýän goşgulary döredip, gysga ömründe her bir adamyň kalbynda baky ýaşamagy başaryp giden Gurbannazar Ezizow hemişe biziň aňymyzda we ýüregimizdedir.Gurbannazar Ezizow –türkmen şygryýetinde ömürbaky yz goýan şahyr. Onuň edebi mirasy bilen tanşanyňda, şahyryň diňe şahyrana döredijilik bilen meşgullanman, şygryýet meýdanyna gadam basmaga höwesjeň ýaşlary goldap, öz maslahatlaryny gaýgyrmandygyny göz ýetirýärsiň diýip, giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Miras” teleýaýlymy bilen …