“Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada söhbetdeşlik.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras”teleýaýlymy bilen  bilelikde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler  Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatynda türkmen jemgyýetiniň hem döwletiniň durmuşyna degişli örän derwaýys we wajyp ähmiýetli meseleler halka hususan-da, pähim-parasatly gojalarymyza sala salnyp, ara alnyp maslahatlaşylmagy nesilbaşymyz Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň döwrebap hem kämil nusgasy bolar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň geljegi üçin wajyp ähmiýete eýe bolan kararlar oňa gatnaşyjy ählihalk wekilleri bilen açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylar diýip, belläp geçdiler. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde …

Metbugat gullugy